- bogmak
- işlik1) Bir zady daňmak, desseläp baglamak.∙ Jan ogullar, ýene ýekeje gün gaýrat ediň, ot bogmakdan hem dynarsyňyz! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)∙ Desse bogýan aýallaryň hereketlerinden, orakçylaryň ýüzlerinden, oraklaryň ýalpyldysyndan jöwzanyň ýakyp, gowrup barýanlygy görünýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)∙ Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny-bogup. (Nakyl)2) Bokurdagy gysmak, bogazy gysyp kynlyk bilen dem aldyrmak.3) Erk-ygtyýaryny çäklendirmek, gysmak.∙ Buthana ylmy pikiriň çala ýüze çykmagyny bogupdyr. (Orta Asyrlar Taryhy)4) Öňüni beklemek, baglamak, goýbermän saklamak.Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem bogmak - bogdum, bogduň, bogupdyr.◊ başyny bogmak — seret baş∙ Belli biriniň başyny bogsak bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.